00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanly ýüzüjiler Aziýanyň çempionatynda gowy netijeleriň eýesi

2023-03-10 08:55:29

346

Türkmenistanyň ýüzüjileri Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda çykyş edip 13 sany medalyň eýesi boldular.

 Milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri Merdan Ataýew 50 metr arkanlygyna ýüzmekde 27,58 sekuntda ýüzüp altyn medalyň eýesi boldy. Musa Jalaýew şol görnüşiň bürnç medalynyň eýesi bolup 28,48 sekuntda çykyş etdi.

Toparyň ilkinji kümüş medalyny gazanan Gaýypnazarow Arslan 50 metr butterfly usulynda ýüzmekde 27,11 sekuntda çykyş etdi. Kümüş medallaryň ýene biriniň eýesi bolsa Dawid Akopýan 50 metr brass usulynda ýüzmek boýunça 1 min 10 sekuntda çykyş etdi.

Ýygyndy toparymyzyň zenanlary Aýnur Primowa 50 metr arkanlygyna ýüzmekde 32 sekuntda çykyş edip altyn medalyň eýesi boldy. Şeýle hem Anastasiýa Morgenşterin 200 metr erkin usulda çykyş edip Milli ýygyndy toparymyzyň altyn medalynyň sanyny artdyrdy.