00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Şahzadbek Matýakubow agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

2026-11-06 06:03:38

113

Hytaý Halk Respublikasynyň Ningbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgeni Şahzadbek Matýakubow 110 kg agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 417 kg (silterläp 187 kg, itekläp 230 kg) netije görkezip, bürünç medal gazandy. Bu agramda Özbegistanyň türgeni Akbar Joraýew (432 kg) altyn, eýranly Alireza Nasiri (418 kg) bolsa kümüş medala eýe boldy.

Ýaryşda türkmen ýaşlary hem ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordlaryny goýdular. 16 ýaşly Şabnam Kerimbaýewa (57 kg) silterläp götermekde (89 kg) we jemi netijede (201 kg) iki sany dünýä rekordyny täzeläp, 5-nji orny eýeledi. 18 ýaşly Didarbek Jumabaýew (75 kg) bolsa silterläp (152 kg), itekläp (188 kg) we jemi (340 kg) netijeler bilen täze rekordlary täzeläp, 7-nji orny eýeledi.

Şeylede okaň