Türkmen kikboksçylary halkara arenada ýokary netijeleri görkezdi
7
Italiýanyň Jesolo şäherinde geçirilen WAKO Italian Kickboxing World Cup 2026 ýaryşy türkmen türgenleri üçin üstünlikli boldy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşan güýçli garşydaşlaryň arasynda biziň türgenlerimiz ýokary derejeli taýýarlygyny we hakyky sport ruhuny görkezmegi başardylar.
Bu abraýly ýaryşda türkmen kikboksçylary umumylykda 8 altyn, 8 kümüş we 4 bürünç medal gazanyp, ýurduň sport abraýyny has-da ýokarlandyrdylar.
Bu netijeler diňe bir gazanylan medallar bilen çäklenmän, eýsem türgenlerimiziň edýän yzygiderli zähmetiniň, tälimçileriň professional taýýarlygynyň we uly maksada bolan ynamynyň netijesidir.
Türkmen türgenleriniň halkara derejede gazanýan üstünlikleri ýaş nesil üçin hem uly görelde bolup hyzmat edýär.
Ähli türgenlerimizi gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we geljekde hem täze ýeňişleri arzuw edýäris!