Türkmenistanyň ýaş boksçylary halkara arenada üstünlik gazandy
2026-03-16 17:53:46
5
8–15-nji mart aralygynda Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen U19 World Boxing Future Cup ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler.
🥉 75 kg agram derejesinde çykyş eden Orazmyradow Ysmaýyl
🥉 90 kg agram derejesinde çykyş eden Owezgeldiýew Söýünaly
Dünýä Kubogynyň bürünç medalyna mynasyp boldular.
77 döwletden 454 türgen gatnaşan bu ýaryşda gazanylan üstünlikler bilen ýaş türgenlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys!