Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 46-njy Baş Assambleýasyna gatnaşýar
64
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýa yklymyndaky sport durmuşynyň iň möhüm çäreleriniň biri bolan Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş Assambleýasy geçirilýär. Çärä Aziýanyň 45 ýurdunyň wekilleri gatnaşyp, Olimpiýa hereketiniň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar hem-de guramanyň täze prezidentini saýlaýarlar.
Baş Assambleýada Türkmenistan resmi wekiliýet bilen gatnaşýar. Çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow hem-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow gatnaşýar.
Baş Assambleýanyň esasy wakalarynyň biri Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidentiniň saýlanmagydyr. Bu wezipä ýeke-täk dalaşgär hökmünde Katar Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani görkezilýär. Saýlawlar häzirki prezident, Hindistandan Raja Randhir Singh saglyk ýagdaýy sebäpli öz ygtyýarlyk möhletini tamamlamaga mümkinçiligi bolmansoň geçirilýär.
Assambleýanyň dowamynda gatnaşyjylar 2028-nji ýyla çenli Aziýada sportuň ösüşine degişli strategik ugurlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle-de sport guramalarynyň sanly özgertmeleri we Olimpiýa hereketinde ýaşlaryň ornunyň güýçlendirilmegi meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň bu ýokary derejeli halkara çärä gatnaşmagy ýurduň Olimpiýa gymmatlyklaryna ygrarlydygyny hem-de sebit we halkara sport hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandygyny tassyklaýar.