«Arkadag» FK Aziýa Çempionlar Ligasy-2-niň 1/8 finalynda «Al-Nasr» bilen duşuşar
163
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) Kuala-Lumpur şäherindäki baş edarasynda geçirilen resmi püşk çekilişiniň netijesine laýyklykda, Aziýa Çempionlar Ligasy-2-niň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen duşuşar.
AFC tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, 1/8 final tapgyry iki duşuşykdan ybarat bolar. «Arkadag» bilen «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk çarşenbe güni, 11 fewralda, Aşgabat şäherinde geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 18 fewralda Er-Riýad şäherinde bolar.
Aziýa Futbol Konfederasiýasy ilkinji duşuşyk üçin «Arkadag» futbol klubynyň öý meýdançasy hökmünde Aşgabatdaky «Olimpiýa» stadionyny resmi taýdan tassyklady. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlar.
Jogap duşuşygy 18 fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler we oýun ýerli wagt bilen sagat 21:15-de başlar.
«Arkadag» futbol klubynyň Aziýa Çempionlar Ligasy-2-niň pleý-off tapgyryna çykmagy hem-de «Al-Nasr» bilen geçiriljek duşuşyklar Türkmenistanyň futbolynyň halkara derejede yzygiderli ösýändigini görkezýär.