Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen halkara ýaryşda 21 medal gazandy
38
2025-nji ýylyň 19–27-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde agyr atletika boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa dünýäniň 28 döwletinden jemi 234 türgen gatnaşdy. Türkmenistany bu abraýly ýaryşda milli ýygyndy toparynyň türgenleri wekilçilik edip, ýokary netijeler görkezdiler hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşyň jemlerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 7 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç medal gazanyp, umumylykda 21 medal bilen çykyş etdi.
Türgenler we netijeler
Amanowa Ogulşat (−53 kg)
• Silterläp 77 kg — III orun (bürünç)
• Iteklep 93 kg — III orun (bürünç)
• Umumylykda 170 kg — III orun (bürünç)
Raşidow Bunyad (−71 kg)
• Silterläp 145 kg — I orun (altyn)
• Iteklep 169 kg — II orun (kümüş)
• Umumylykda 314 kg — I orun (altyn)
Söýmişowa Zibagul (−58 kg)
• Silterläp 78 kg — III orun (bürünç)
Töräýew Gaýgysyz (−79 kg)
• Iteklep 190 kg — II orun (kümüş)
• Umumylykda 330 kg — III orun (bürünç)
Amanowa Medine (−63 kg)
• Silterläp 91 kg — II orun (kümüş)
• Iteklep 111 kg — II orun (kümüş)
• Umumylykda 202 kg — II orun (kümüş)
Annaberdiyew Rüstem (−94 kg)
• Silterläp 151 kg — II orun (kümüş)
• Umumylykda 330 kg — II orun (kümüş)
Rejepow Resul (−94 kg)
• Silterläp 151 kg — III orun (bürünç)
Rustamowa Anamjan (−86 kg)
• Silterläp 105 kg — I orun (altyn)
• Iteklep 135 kg — I orun (altyn)
• Umumylykda 240 kg — I orun (altyn)
Hasanbaýew Dawranbek (−110 kg)
• Silterläp 180 kg — I orun (altyn)
• Iteklep 200 kg — III orun (bürünç)
• Umumylykda 380 kg — I orun (altyn)
Jemi hasap
• Altyn: 7
• Kümüş: 7
• Bürünç: 7
• Jemi: 21
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň bu üstünligi türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Türgenleri we olaryň tälimçilerini gazanan ýokary netijeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de geljekki halkara ýaryşlarda hem üstünlikleriň dowam etmegini arzuw edýäris.