00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen boksçylary Dubaýda taryhy üstünlik gazandy

2025-12-14 10:33:53

18

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2025-nji ýylyň 2–13-nji dekabry aralygynda geçirilen IBA Men’s World Boxing Championship Dubai 2025 Dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. Dünýäniň iň güýçli boksçylaryny bir ýere jemlän bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan 3 türgen gatnaşdy.

92+ kg agram derejesinde çykyş eden Yslamow Döwlet iki duşuşykda ynamly ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykmagy başardy we ýaryşy 5-nji orun bilen tamamlady.

71 kg agram derejesinde çykyş eden Nurmuhammedow Baýramdurdy bolsa aýratyn tapawutlanyp, ýaryşyň ýarym finalyna çenli ynamly çykyş etdi. Netijede, ol 3-nji orna mynasyp bolup, bürünç medal 🥉 gazandy. Bu netije häzirki wagta çenli türkmen boksçylarynyň dünýä çempionatlarynda gazanan iň ýokary üstünligi bolup durýar.

Bu taryhy netijeler türkmen boksynyň ösüş ýolunda möhüm tapgyr boldy. Gazanylan üstünliklerde türgenler bilen bir hatarda olaryň tälimçileri — Ýazmuhammet Pazzyýew we Aliasker Başirowyň hem uly goşandy bar.

Türkmenistan adyndan çykyş eden türgenlerimizi we olaryň tälimçilerini gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de geljekde has-da uly ýeňişlere ýetjekdiklerine ynam bildirýäris.