Türkmen türgenleri Bangkokda dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar
139
Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Ýaryşlar “Indoor Stadium Huamark” sport toplumynda geçirilýär.
Dünýä çempionaty Ju-Jitsu International Federation (JJIF) tarapyndan guralyp, “newaza”, “fighting” we “duo” görnüşlerinde geçirilýär. Türkmen jiu-jitsuçylary dürli agram we ýaş toparlarynda çykyş edip, birnäçe altyn, kümüş hem-de bürünç medallary gazandylar.
Bu üstünlikler türkmen türgenleriniň halkara sport arenasyndaky abraýyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysynyň görkezýän netijeleri ýurduň sport ulgamynda alnyp barylýan netijeli işleriň miwesi hökmünde baha berilýär.