00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Aziýa ýaşlar oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görýär

2025-10-17 07:16:46

98

Bahreýn Patyşalygynda geçiriljek 3-nji Aziýa ýaşlar oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň dolandyryş wekiliýeti we türgenleri ýurdumyzy wekilçilik etmek maksady bilen ýerli wagty bilen Bahreýne bardylar.

Türkmenistanyň ýaş türgenleriniň bu abraýly sport baýramyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmekde, ýaş nesli bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgelerinde terbiýelemekde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy sportuň şu görnüşlerinden çykyş eder: Kuraş, Agyr atletika, Ýeňil atletika, Erkin göreş, Taýboks, 3x3 basketbol, Boks we Suwda ýüzmek.

Şeýle hem sportuň Kuraş görnüşinde çykyş eden Ýusupowa Leýli abraýly bürünç medaly gazanyp, ýurdumyza ilkinji medal getirdi.

Milli türgenlerimiziň Aziýanyň iri sport arenasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň baýdagyny belende galdyrmaklary hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da beýgeltmekleri göz öňünde tutulýar.