Hangeldi Lukmanow — III Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Oýunlarynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy
44

Türkmenistanyň ýaş boksçysy Hangeldi Lukmanow Azerbaýjanda geçirilýän III Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) Oýunlarynda ýurdumyzyň ilkinji medalyny gazandy.
52 kilogram agram derejesinde çykyş eden türgen çärýek finalda belarusiýaly Kirill Leýçanka bilen tutlyşyk geçirip ýeňiş gazandy. Ýarym finalda Azerbaýjanyň wekili Ali Abasly bilen duşuşyp, ýeňilse-de, düzgün boýunça bürünç medal bilen sylaglandy.
16 ýaşly Lukmanow geçen ýyl Aziýanyň ýaşlar arasyndaky boks çempionatynda çykyş edip, öz agram derejesinde iň gowy türgenleriň biri hökmünde tanaldy.Boks ýaryşlary Ewlak şäherindäki Olimpiýa merkezinde geçirilýär. Türkmenistandan 56 adamdan ybarat milli toparyň düzüminde 8 boksçy çykyş edýär.
III GDA Oýunlaryna 13 döwletiň 23 ýaşa çenli türgenleri gatnaşýarlar. Jemi 1624 türgen 8-nji oktýabra çenli 23 sport görnüşi boýunça 246 medal toplumy ugrunda bäsleşýär.Geçen ýyl Belarusiýada geçirilen II GDA Oýunlarynda bolsa, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 3 kümüş we 15 bürünç medal gazanypdy