Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna gatnaşar
2025-09-01 05:15:37
96

Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy 4–14 sentýabr aralygynda Angliýanyň Liverpul şäherinde geçiriljek ilkinji World Boxing dünýä çempionatyna gatnaşar. Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşda dört türgen bilen çykyş eder.
Milli ýygyndynyň baş tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýew, onuň kömekçisi bolsa Aliaskar Başyrowdyr.
Milli ýygyndynyň düzüminde şu boksçylar bar:
Döwlet Muhammedow (60 kg çenli)
Yhlasbek Koçkarow (65 kg çenli)
Baýramdurdy Nurmuhammedow (70 kg çenli)
Döwlet Islamow (90 kg-dan ýokary)
Türkmen türgenleriň garşydaşlary ýaryşdan öňki çekilişden soň belli bolar.