00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Aşgabatda ilkinji gezek ITF Level 2 sebitleýin okuw-seminary geçirildi

2025-08-21 09:39:02

126

Türkmenistanda ilkinji gezek Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga niýetlenen sebitleýin okuw-seminary — Level 2 geçirildi.

Okuw-seminar Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirildi. Bu toplum halkara derejesindäki okuw merkezine öwrülmekde yzygiderli ösüşleri görkezýär. 2020-nji ýylda bu ýerde «Play Tennis» başlangyç okuw kursy, 2023-nji ýylda ITF Level 1 okuw-seminary geçirilipdi. 2025-nji ýylda bolsa toplum ilkinji gezek Level 2 okuw-seminaryna eýelik etdi. Şeýle çäre toplumyň «Aziýa sebiti boýunça okuw-türgenleşik merkezi» derejesini almagy netijesinde mümkin boldy. Degişli sertifikat 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzda ITF-nyň Aziýa boýunça ösüş bölüminiň wekili Seydamir Borghei tarapyndan gowşuryldy.

Okuw-seminara 15 hünärmen gatnaşdy, olaryň arasynda Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan gelen tälimçiler bardy. Okuw maksatnamasyny ITF-nyň halkara derejeli bilermenleri — Eýranyň wekili Seydamir Borghei we Özbegistanyň wekili Igor Şelýakin alyp bardy.

12 günüň dowamynda gatnaşyjylar ITF Akademiýasynyň onlaýn platformasynda 37 okuw kursuny geçdiler. Soňra bolsa kortda oýun tejribesi, aýratyn we toparlaýyn türgenleşikleriň usulyýeti, test hem-de esse ýazmak boýunça 5 synagdan geçdiler. Synaglardan üstünlikli geçen tälimçilere halkara derejesindäki ITF Level 2 sertifikaty berildi. Bu bolsa olaryň ýokary hünär taýýarlygyny tassyklaýar we dünýäniň iň uly ýaryşlarynda türgenler bilen işleşmäge hukuk berýär.

Bu möhüm çäre Türkmenistanda tennis sportynyň ösdürilmegine hem-de ýurdumyzda sporty öwredýän sebitleýin bilim merkeziniň derejesiniň has-da berkidilmegine uly goşant goşdy.