00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň türgenleri Aziýanyň çempionatynda 3 medal gazandylar

2025-07-14 11:14:19

63

2025-nji ýylyň iýul aýynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen 20 ýaşly türgenleriň arasynda Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň wekilleri üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşikde ýurdumyzyň üç türgeni medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň aşakdaky agzalary baýrakly orunlara mynasyp boldular:

      • Myradow Döwletgeldi — 86 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medal bilen sylaglandy;

      • Alp Arslan Begenjow — 79 kg agram derejesinde bürünç medal eýeläp, baýrakly orna mynasyp boldy;

      • Annarazow Watan — 74 kg agram derejesinde hem bürünç medal bilen sylaglandy.

Bu üstünlik ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň halkara derejede ýokary taýýarlyga eýedigini we geljekde-da üstünlikli çykyşlara garaşylýandygyny görkezýär.