Türkmen agyr atletikaçylary 2025-nji ýylyň Aziýa Ýaşlar we Ýetginjekler arasynda Agyr Atletika Çempionatynda üstünlik gazandylar
12

2025-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Aziýa Ýaşlar we Ýetginjekler Agyr Atletika Çempionaty dürli agram derejesindäki türgenleriň arasynda ýokary bäsdeşlik ruhunda geçdi. Bu abraýly ýaryşda türkmen türgenleri aýratyn tapawutlanyp, birnäçe medallara mynasyp boldular.
Anamjan Rustamowa – 1-nji orun, 86 kg agram derejesi – 245 kg agyrlyk bilen altyn medal gazandy.
Yslam Akmyradow – 3-nji orun, 94 kg – 315 kg netije bilen bürünç medal.
Didarbek Jumabaýew – 2-nji orun, 79 kg – 312 kg agyrlyk bilen kümüş medal.
Medine Amanowa – 3-nji orun, 63 kg – 198 kg bilen bürünç medal.
Kakamyrat Annamyradow – 2-nji orun, 71 kg – 288 kg bilen kümüş medal.
Ogulşat Amanowa – 3-nji orun, 53 kg – 174 kg bilen bürünç medal.
Türgenlerimiziň taýýarlyk derejesi, meýdançada görkezen batyrgaýlygy hem-de arassa tehnikasy halkara derejesindäki eminler we tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha aldylar