Türkmen türgenleriniň “Cadet and Junior Asian Judo Cup 2025” ýaryşyndaky üstünlikleri
28

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen “Cadet and Junior Asian Judo Cup 2025” atly halkara Dzýudo ýaryşynda ýaş türkmen dzýudoçylary üstünlige eýe boldular. Bu ýaryşda ýurdumyzyň adyndan çykyş eden türgenlerimiz 7 sany medal gazandylar. Şolaryň 3-si kümüş, 4-si bolsa bürünç medallardyr. Bu üstünlik, ýurdumyzda dzýudo boýunça alnyp barylýan tälim-terbiýe işleriniň netijeliliginiň we ýaşlaryň sporta bolan uly höwesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaşlar toparynda medallara eýe bolan türgenlerimiz:
Baymyrat Majanov – 100 kg agram derejesinde kümüş medal;
Agajan Ayhanov – 81 kg agram derejesinde kümüş medal;
Medine Oraznyyazova – 57 kg agram derejesinde kümüş medal;
Oguljan Ruslanova – 70 kg agram derejesinde bürünç medal;
Kurbanay Kurbanova – 48 kg agram derejesinde bürünç medal;
Nuriýa Pardaeýewa – 48 kg agram derejesinde bürünç medal.
Ýetginjekleriň arasynda bolsa:
Kakilik Deryaeva – 48 kg agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.
Bu ýeňişler türkmen dzýudoçylarynyň halkara derejesindäki başarnyklarynyň artýandygyny görkezýär.