Olimpiýa güni mynasybetli sport çäreleri
50

Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe institutynda Olimpiýa güni mynasybetli giň gerimli sport çäreleri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň goldawy bilen guraldy we ol Olimpiýa gymmatlyklary bolan dostluk, hormat we kämillige ymtylma ýörelgelerini dabaralandyrdy.
Sport çäresiniň çäginde birnäçe görnüş boýunça ýaryşlar geçirildi: kross ylgawy, tanap çekdi, futzal we woleýbol. Bäsleşikler erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilip, ähli gatnaşyjylara öz sport ussatlygyny, topar ruhuny we ýeňşe bolan islegini görkezmäge mümkinçilik döredildi.
Olimpiýa gününiň geçirilmegi ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, sport medeniýetini ösdürmek hem-de Olimpiýa ideallaryny wagyz etmek ugrunda möhüm ädim boldy. Çäräniň giň many-mazmuny gatnaşanlaryň diňe bir bedenterbiýe taýdan taýýarlygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem birek-birege bolan hormaty we goldawy hem dabaralandyrdy.
Çäräniň jemleýji böleginde ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar we ýörite diplomlar gowşuryldy. Bu bolsa, olaryň sporta we Olimpiýa ruhuna bolan ygrarlylygynyň nyşany boldy.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda sport hereketini ösdürmekde we sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.