00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Aşgabatda çagalaryň arasynda halkara küşt ýaryşyna badalga berildi

2025-06-16 10:51:58

43

Şu gün Aşgabatda 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän halkara küşt ýaryşy başlady. Ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky Küşt we şaşka boýunça ýöriteleşdirilen mekdepde geçirilýär. Açylyş dabarasyndan soň rapid görnüşinde oýunlar başlanyp, üç günüň dowamynda blitz ýaryşlary bilen dowam eder.

Ýaryşa Türkmenistanyň hem-de Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hindistan, Russiýa, Tailand, Wýetnam we Malaýziýa ýaly ýurtlardan jemi 200-e golaý küştçi gatnaşýar. Türkmenistandan 80-den gowrak ýaş küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 18-nji iýunda geçiriler.

Türkmen türgenleri ýaryşa ýokary taýýarlyk bilen geldiler. Şu ýyl 8–12 ýaş aralygyndaky küştçiler birnäçe halkara ýaryşda üstünlik gazandylar. Aprel aýynda Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 8 ýaşly Anna Çaryýewa bürünç medala, Täjigistandaky Günbatar Aziýa çempionatynda bolsa Çaryhekim Çaryýew, Maksat Awlýakulyýew, Myrat Merdanow we Didar Hupbyýew bürünç medallara eýe boldular.