00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Atabek Hojyýew – Aziýanyň çempiony

2025-04-30 09:48:33

290

Türkmenistanyň ýaş boksçysy halkara arenada üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny täze belentliklere galdyrdy. Şu ýylyň aprel aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen boks boýunça Aziýanyň çempionatynda ýurdumyzyň ýaş türgeni, 15 ýaşa çenli türgenleriň arasynda çykyş eden Atabek Hojyýew öz agram derejesinde altyn medalyň eýesi boldy. 

 Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň ýetginjek türgenleriniň arasynda uly umyt baglanýan, yhlasly we maksadaokgunly türgenleriniň biri bolan Atabek, güýçli garşydaşlarynyň gatnaşmagynda geçen ýaryşda ukyp-başarnygyny, taýynlygyny doly derejede görkezdi. Ýaryşyň dowamynda ähli garşydaşlaryny ynamly ýeňen ýaş türgenimiz finalda hem özüne ynam bilen çykyş edip, Aziýanyň çempiony diýen abraýa mynasyp boldy. 

 Şeýle hem bu çempionatda ýurdumyzy mynasyp cykyş eden başga bir ýaş türgenimiz Arslan Rejepow hem üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Bu üstünlikler ýurdumyzyň boks mekdebiniň berk esaslara daýanýandygynyň, ýaş türgenleriň ýokary derejede taýýarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti ýaş türgenlerimiziň bu üstünligini uly buýsanç bilen garşylaýar we olaryň täzeden-täze sepgitlere ýetmegine uly ynam bildirýär. Döwletimiziň sport ulgamyndaky uzak möhletleýin strategiýasy netijesinde döredilen şertler ýaş türgenleriň halkara derejesinde üstünlikli çykyş etmegine giň mümkinçilikleri döredýär.