00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Bahreýn Patyşalygynda 2025-nji ýylda geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky III Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri boýunça utgaşdyryjy mejlisi geçirilýär

2025-04-15 13:01:00

252

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky III Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, şu ýylyň 15–16-njy aprelinde Bahreýn Patyşalygynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň ilkinji mejlisi geçirilýär.

Mejlise ýerli Guramaçylyk komitetiniň agzalary bilen bir hatarda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktorynyň orunbasary, wise-prezidentleri, degişli ugurlardan wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň agzasy Ata Akmämmedow hem gatnaşýar.

Bahreýn Patyşalygynda geçiriljek bu halkara derejeli sport ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen guralan duşuşykda oýunlara degişli birnäçe meseleler maslahatlaşylýar. Hususan-da, sport çäreleriniň geçjek desgalarynyň taýýarlyk derejesini öwrenmek, oýunlaryň baş meýilnamasyny we sport maksatnamasyny seljermek bilen birlikde, maddy-tehniki üpjünçilik, hasaba alyş, lukmançylyk hyzmatlary, anti-doping çäreleri, meýletinçileri taýýarlamak, myhmanlary garşylamak we ugratmak, şeýle-de protokol we beýleki guramaçylyk meseleleri mejlisiň esasy gün tertibinde görkezilýär.

Bu duşuşyk, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzalarynyň we ýerli guramaçylaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem ýetginjek türgenleriň gatnaşmagynda geçiriljek III Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegine giň ýol açar.