Türkmenistan sport ugurly halkara guramalara agza bolmak üçin gepleşikleri geçirýär
450
Türkmenistanda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň beren hasabatynda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurlardaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.