Türkmenistan IX Gyşky Aziýa Oýunlarynda Ikinji Ýeňşini Gazandy
601

Türkmenistanyň hokkeý topary Hytaýda geçirilýän IX Gyşky Aziýa Oýunlarynda ikinji ýeňşini gazandy. Olar Hindistany 19:1 hasap bilen ýeňip, ýene bir üstünlige ýetdi.
6-njy fewralda geçirilen oýunda Arslan Geldimyradow 5 gol geçirip, tapawutlandy. Begenç Döwletmyradow we Baýmyrat Baýmyradow 3 gol, Arslan Nuryýew we Aleksandr Wahowskiý 2 gol, Nowruz Baýhanow, Erkin Kakabaýew, Öwezguly Esenow we Nazar Orazow bolsa hersi 1 gol bilen toparyň üstünligine goşant goşdy.
Mundan öň, 5-nji fewralda geçirilen ilkinji duşuşykda Türkmenistan Makao toparyny 26:0 hasap bilen ýeňipdi. Topar tapgyrynyň soňky oýnunda, 9-njy fewralda Türkmenistan Gonkong bilen duşuşar. Çärýek final oýunlary bolsa 11-nji fewralda geçiriler.