00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndymyz Iordaniýada geçiriljek Aziýanyň Kubogy 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşar

2022-09-03 08:11:00

363

Şu gün 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaý şäherine (BAE) ýola düşýär. Ýygyndy toparymyz 2023-nji ýylda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogyna ýokary derejede taýýarlanmak üçin 2 — 8-nji sentýabrda şol şäherde bolup, halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.

10 — 18-nji sentýabr aralygynda bolsa Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan Amman şäherinde (Iordaniýa) geçiriljek 20 ýaşa çenli toparlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogy 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşar. Türkmen ýygyndysy saýlama tapgyrynyň «D» toparçasynda göreşini dowam etdirer. Bu toparçada yklymyň ýygyndy toparlarynyň bäşisi çykyş edýär.

Türkmen wekiliýetine 23 türgen hem-de beýleki wekiller agzalyk edýär. Wekiliýet 30 adamdan ybarat bolar. Said Seýidowyň baş tälimçilik edýän ýygyndysy Aziýanyň Kubogy 2023-iň saýlama tapgyryna ykjam taýýarlyk gördi.

Şeylede okaň