00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmen futzalçylary Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşar

2022-09-02 08:08:06

344

Milli futzal ýygyndymyz 27-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtiň paýtagty Al-Kuweýt şäherinde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşar. Yklym çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9-njy sentýabrda Baku şäherine (Azerbaýjan) ugrarlar. Bakuwda olar 23-nji sentýabra çenli türgenleşerler we özara dostlukly duşuşyklary geçirerler. Baku şäherindäki taýýarlykdan soň, türgenlerimiz 23-nji sentýabrda Kuweýt şäherine ugrarlar.

Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň milli futzal topary toparçada Eýran toparyndan utulyşa sezewar bolup, ikinji orny eýelemegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, milli ýygyndymyz futzal boýunça Aziýa çempionatyna 10 ýyl mundan ozal gatnaşypdy. Futzal toparymyzyň soňky çykyşy 2012-nji ýylda BAE-de geçirilen Aziýa çempionatydyr.

Aziýa çempionatynda toparymyz 27-nji sentýabrda toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýnunda Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Toparymyzyň ikinji duşuşygy bolsa 29-njy sentýabrda Bahreýn topary bilen bolar. Türkmen türgenleri üçünji duşuşygyny 1-nji oktýabrda Täjigistanyň topary bilen geçirer. Duşuşyklar şol gün Aşgabat wagty bilen sagat 09:00-da geçiriler. Çempionatyň pleý-off oýunlary 4-nji oktýabrda başlar.

Türkmenistandan 14 türgen we 8 wekil Kuweýtde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşar.