00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

2022-08-30 08:05:16

345

Welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň Welosport federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşy diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy.

Bölekleýin start boýunça ýaryşlar zenanlaryň arasynda 15 kilometre uzasa, erkekleriň bäsleşikleri 25 km aralyga guraldy. Şu görnüşden ýekelikdäki ýaryşda Ahal welaýatyndan gelen gyzlar Zöhre Gurbanmyradowa hem-de Jennet Gylyçdurdyýewa pellehanadan birinji we ikinji bolup geçdiler. Daşoguzly Sewinç Gutlymyradowa öňdäki üçlügi jemledi. Erkekleriň ýekelikdäki ýaryşynda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň türgenleri Mahmyt Aşyrow hem-de Gadam Köşiliýew hormat münberiniň birinji we ikinji basgançaklarynda ornaşdylar. Daşoguz welaýatyndan gelen türgen Ihlasbek Abdylbekow üçünji orny eýeledi.

Şosseniň şol görnüşi boýunça gyzlaryň jübütleýin ýaryşynda Zöhre Gurbanmyradowa bilen Jennet Gylyçdurdyýewa taý gelen bolmady. Daşoguzly gyzlar Mahym Taganowa bilen Sewinç Gutlymyradowa jübüti ikinji orna eýe boldy. Şol welaýatdan gatnaşan ýene bir jübüt — Amaliýa Döwletowa hem-de Gulnisa Japbarowa üçünji boldular. Mahmyt Aşyrow bilen Gadam Köşiliýewiň netijesi olara erkekleriň ýaryşynyň ýeňşini getirdi. Ikinji orna Ihlasbek Abdylbekow bilen Emir Jumaýew mynasyp boldy. Berdimyrat Ýasyýewiň hem-de Şirmurat Agaýewiň çykyşy ilkinji üçlügi jemlemek üçin ýeterlik netije bilen tamamlandy.

Bölekleýin start boýunça geçirilen toparlaýyn ýaryşda hem Zöhre Gurbanmyradowa bilen Jennet Gylyçdurdyýewa ýeňşi elden bermedi. Mahym Taganowadan, Sewinç Gutlymyradowadan we Amaliýa Döwletowadan ybarat bolan topar ikinji orny eýelemegi başarsa, Mähri Orazmuhammedowa, Gulnisa Japbarowa dagyny özünde jemlän topar üçünji boldy. Erkekleriň toparlaýyn bäsleşiginde paýtagtly hem-de Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebine wekilçilik edýän türgenler ýeňiş gazandylar. Bu topara Mahmyt Aşyrow, Gadam Köşiliýew we Berdimyrat Ýasyýew agzalyk etdi. Ihlasbek Abdylbekow, Emir Jumaýew, Alibek Ýusupow, Mansur Durdyýew ýaly welosipedçilerden ybarat bolan topar ikinji orna düşdi. Rejepgeldi Mälikgulyýew, Myrat Paşykow, Kakamyrat Penamyradow we Orazmuhammet Nurýagdyýew dagynyň toparyna baýrakly orunlaryň üçünjisini eýelemek miýesser etdi.

Şeýle-de, kriterium görnüşi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu görnüşden zenanlaryň ýaryşy 20, erkekleriň bäsleşigi bolsa 30 aýlawdan ybarat boldy. Gyzlardan Jennet Gylyçdurdyýewa ýeňşe ýetdi. Sewinç Gutlymyradowa we Zöhre Gurbanmyradowa degişlilikde ikinji hem-de üçünji orunlara eýe boldular. Oglanlardan ýene-de Mahmyt Aşyrow hemmelerden ýokary netije görkezdi. Ihlasbek Abdylbekow ikinji ýere, Gadam Köşiliýew üçünji orna eýe çykdylar.