Sportuň gandbol görnüşi boýunça tälimçiler üçin halkara okuw-maslahat seminary
310
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti we Türkmenistanyň Gandbol federasiýasy tarapyndan, sportuň gandbol görnüşi boýunça okuw-maslahat seminary geçirilmek meýilleşdirilýär. Seminaryň meýilnamasyna laýyklykda, nazary sapaklar Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň edara-binasynda, amaly sapaklary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport zalynda geçiriler we bäş gün dowam eder.
Seminar üçin Wengriýadan hünärmen, Halkara gandbol federasiýasynyň mugallymy,bedenterbiýe ylymlarynyň doktory Zoltan Marçinka, professional gandbol boýunça köp ýyllyk tejribesini Türkmen tälimçileri bilen paýlaşar we iň soňky okuw usullaryny, taktiki shemalary we üstünlikli oýnamagyň syrlaryny tälimçiler bilen paýlaşar.
Seminaryň maksady, türkmen hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak, ýurtda gandbolyň ösmegine itergi bermek we halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin bäsdeş toparlary taýýarlamak.
Seminaryň ahyrynda gatnaşyjylar okuwyň gutarandygyny tassyklaýan şahadatnama alarlar. Guramaçylar, alnan bilimleriň we başarnyklaryň türkmen gandbol oýunçylaryna täze belentliklere çykmagyna mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.