00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlanylar

2024-10-01 10:24:58

52

2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlarynaTürkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak işleri ýola goýular.

Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler bar. Türkmen türgenlerini dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döredilen. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramak teklip edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň türgenleriniň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa weParalimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin zerur işler alynyp barylar.

Şeylede okaň