00.00.0000 00:00
logotype of site

TÜRKMENISTANYŇ MILLI
OLIMPIÝA KOMITETI

logotype of site

Iýmit (sport) Goşundylary ulanmagyň töwekgelçilikleri

Iýmit (sport) Goşundylary ulanmagyň töwekgelçilikleri

To previous page

Iýmit (sport) goşundylary ulanmakda özboluşly töwekgelçilikler bar, sebäbi goşundyda gadagan maddalaryň ýokdugyna kepillik ýok. Aslynda, goşundylar türgenleriň arasynda bilgeşleýin dopingiň esasy sebäbidir. Türgen hökmünde bedeniňize tapylan islendik maddalara, nädip barandyklaryna garamazdan jogapkärdigiňize düşünmek gaty möhümdir. Bu jogapkärçilige ýönekeý garamaly däldir.

1. Potensial töwekgelçilikler:

    - Iýmit goşundylary üçin önümçilik standartlary köplenç derman önümçiliginiň standartlaryndan has berk bolýar. Köp ýurtda goşmaça önüm öndürmek we bellik etmek boýunça berk düzgünler ýok, mälim edilmedik gadagan maddalaryň bolmagy ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

    - Iýmit goşundylarynyň belliklerinde sanawyň görnüşi, Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň (WADA) gadagan edilen sanawyndan tapawutlanyp biler.

    - Esasanam onlaýn satyn alnanda, ýokary hilli däl iýmit goşundylaryndan ägä boluň. Bu önümler diňe bir bikanun maddalary öz içine alman, saglyga howp salýar.

    -Käbir goşundylar WADA ýa-da dopingу garşy beýleki guramalar tarapyndan tassyklanylandygyny ýalana çykarýarlar, käbirleri bolsa “türgenler tarapyndan ulanmak üçin howpsuz” diýip ýalan sözläp bilerler.

2. Pikirler:

    - Goşundylara ýüz tutmazdan ozal, deňagramly iýmitlenmek we iýmit bilen “iýmit -ilkinji ýerde” ýörelgesinden türgenleşik, ýaryş we dikeldiş zerurlyklaryna laýyk gelýändigini kesgitläň.

    - Dopinge garşy düzgünleriň çylşyrymlylygyna düşünýän we lukmanlar ýa-da sport diýetologlary (nutrisiologlary) ýaly türgen hökmünde statusyňyzy ykrar edýän hünärmenlerden iýmitleniş maslahatyny gözläň.

3.Töwekgelçilikleri azaltmak:

    - Bellikleri, ingredientleri we mukdarlary üns bilen okap, göz öňünde tutýan goşundy barada düýpli gözleg geçiriň.

    -Teklipler üçin sport lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.

    - Diňe garaşsyz kompaniýalar tarapyndan synag edilen goşundylaryň subut edilen toparlaryny saýlaň. Bu synaglar önümçilik enjamlaryna, ingredientlere we ahyrky önüme baha bermegi öz içine alýar. Munuň negatiw doping synagynyň netijesini kepillendir meýänhem bolsa, töwekgelçiligi ep-esli azaldar.

    - Asyl gaplamany saklaň ýa-da surata düşüriň.Saklamak üçin goşmaça möhüm maglumatlary: markasyň ady we lot belgisini öziçine alýar. Goşundylary kabul etmek barada lukmançylyk maslahatyny alanbolsaňyz, hökmany bellenen ýazgysyny özinizde saklaň

 4. Sport goşundylaryny barlamak:

    - Informed Sport, Certified forSport®, HASTA, ýa-da Kölner Liste ýaly ygtybarly platformalara baryp görüň, diňe gadagan edilen maddalar üçin synag edilen goşundylary barlaýandygyňyzy anyklaň. 

  1. Informed-sport 
  2. NSF Certified for Sport 
  3. Cologne List 
  4. HASTA 

 Has giňişleýin maglumat üçin:

- WADA antidoping bilim we okuw (ADEL)  https://adel.wada-ama.org/learn   elektron kursuna ýazylyň. ADEL milli türgenleriniň we ADEL halkara türgenleriniň ikisiniň hem goşmaça bölümi bar. Bu kurslar elmydama mugt we birnäçe dilde elýeterlidir.

 Goşundylary hiç haçan 100% howpsuz hasaplap bolmajakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň, bolup biljek peýdalary we töwekgelçilikleri üns bilen ölçemek möhümdir.