Soňky habarlar
Ýulduz Jumabaýewa türkmen toparyna V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň ilkinji medalyny getirdi
12 Awgust, 2022
agyr-atletika

49 kilogram agram derejesinde gyzlaryň ýaryşynda çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa oýunlaryň bürünç medallarynyň üçüsini gazandy. Zehinli türgen Türkiýe Respublikasyndan we  Saud Arabystany Patyşalygyndan bolan agyr atletikaçy zenanlaryň garşysyna çykdy. Silterläp 74 kg, ştangany itekläp galdyrmakda bolsa 93 kg agyrlygy götermegiň hötdesinden gelen türkmenistanly gyz bu görnüşleriň ikisinden hem kiçi bürünç medallara eýe çykdy. Onuň 167 kilograma barabar bolan umumy netijesi hem bürünç medal bilen bellenildi.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ýulduz Jumabaýewa türkmen wekiliýetine V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň ilkinji medallaryny getirdi.

Halkara hyzmatdaşlar