Soňky habarlar
V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Konýa şäherine bardy
09 Awgust, 2022

Türkmenistanyň ýygyndy toparlary 9 — 18-nji awgust aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýarlar. Oýunlaryň ilkinji ýaryşlarynda çykyş etjek türkmen türgenleri birnäçe gün mundan ozal Konýa şäherine bardylar.

Ildeşlerimiz bu ýerde sportuň dzýudo, karate-do, kikboksing, suwda ýüzmek, erkin we grek-rim göreşleri, basketbol, ýeňil atletika we agyr atletika görnüşleri boýunça çykyş ederler.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherine baran türkmen wekiliýetine ýaryşda çykyş edýän türgenleriň tälimçileri, eminler hem-de ýörite bellenen wekiller agzalyk edýär.

Halkara hyzmatdaşlar