Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçýän «CAVA Central Asia Challenge Cup 2022» halkara ýaryşynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Özara duşuşyklarda ildeşlerimiz Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlarynyň üçüsini hem ýeňmegi başardy.
Ýaryş tertibiniň başynda ýerleşen türkmen ýygyndysy ýarym finalda Özbegistanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Hasap — 3:0.
Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndy topary bilen Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň arasynda geçen oýnuň diýseň çekeleşikli geçdi. Dartgynly geçen oýunda ildeşlerimiz ýer eýeleri bolan Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyndan asgyn geldi — 3:2.
Halkara hyzmatdaşlar