Soňky habarlar
Türkmenistanly ýetginjek türgenler agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 5 medal gazandylar
20 Iýun, 2022

Meksikanyň Leon şäherinde 17 ýaşdan geçmedik ýetginjek türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly ýetginjek agyr atletikaçylaryň 3-si hormatly ýeňijileriň münberinden orun aldylar.

Ýurdumyzyň dünýä çempionatyndaky ilkinji üstünligini Aşgabatdaky «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow gazanmagy başardy. Ol 55 kilogram agram derejesinde çempionatyň kiçi kümüş medalyna eýe boldy. Agyr atletikanyň ştangany itekläp götermek görnüşi boýunça 125 kilogram agyrlygy boýun egdiren ildeşimiz şu görnüşden ikinji orna mynasyp boldy. Ol ştangany birbada galdyrmak ýaryşyny 97 kilogram netije bilen jemledi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 222 kilogram netijä eýelik eden Perhat ýaryşyň umumy netijesi boýunça dördünji orna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň dünýä çempionatyndaky ikinji medalyny ýaş zenan türgenimiz Medine Amanowa gazanmagy başardy. Çempionata 59 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşan türkmenistanly gyz agyr atletikanyň ştangany birbada galdyrmak görnüşi boýunça üçünji orny eýeledi. Ol şu görnüş boýunça 83 kilogram agyrlygy galdyrmagy başardy.

96 kilogram agram derejesinde çykyş eden agyr atletikaçy Saparly Muhyýew 17 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda dünýä çempionatynyň kümüş medalyny eýeledi. Ol ştangany birbada galdyrmakda ikinji orna (133 kg) mynasyp bolsa, itekläp götermekde üçünji orny (167 kg) eýeledi. Iki görnüşiň jemi boýunça 300 kilogram netije görkezen türkmen agyr atletikaçysy umumy hasapda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. 

Halkara hyzmatdaşlar