Soňky habarlar
Türkmenistanly tennisçi ýeňşiň ýolunda
12 Ýanwar, 2023
uly-tennis

Türkmenistanyň tennis topary Bahreýn Patyşalygynyň Isa-Taun şäherinde geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýa çempionatyna (ITF Asia 14&U Development Championships) ýaryşyna gatnaşýarlar.

Türkmenistanly türgenimiz Ilima Guseýnowa Lebanonly Kaýa Çkaýbany hem-de Özbegistanly Keýra Kimi ýeňmegi başaryp ýarym finala çykdy. Türkmen türgenimiz ýarym finalda Gyrgyzystanly Ewa Gawşinany 6/2 6/2 hasap bilen ýeňip finala çykmaklyga hukuk gazandy. Ildeşimiz finalda Özbegistanly Emily Kim bilen duşuşygyny geçirer.

Halkara hyzmatdaşlar