22-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde başlanan tennis boýunça Billi Jin King kubogyny almak ugrundaky Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II toparynyň toparlaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy hem başarnygyny synaýar. Birinji duşuşygynda ýer eýelerini — Täjigistanyň ýygyndysyny ýeňen türkmen topary ikinji duşuşygyny Mongoliýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirdi.
Ildeşlerimiziň ýekelikdäki duşuşyklary diýseň dartgynly geçdi. Jübütleýin ýaryşda Aişa Bikbulatowa bilen Merýem Muhammedowanyň garşydaşlaryndan üstün çykandyklaryna (6:0; 6:1) garamazdan, umumy ýeňiş mongol gyzlarynyň tarapynda boldy.
Şu gün türkmen ýygyndysy toparçadaky ahyrky duşuşygyny geçirer. Ildeşlerimiz Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.
Halkara hyzmatdaşlar