Soňky habarlar
Türkmenistanly agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar
25 Iýul, 2022
agyr-atletika

Türkmen agyr atletikaçylarynyň Daşkentde geçýän ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (21 ýaşa çenli) arasyndaky Aziýa çempionatynda 11 medal gazanandylar.

64 kilogram agram derejesinde çykyş eden Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa Türkmenistanyň toparyna bäş medal getirdi. Şol ýaş derejesindäki (17 ýaşa çenli) gyzlaryň ýaryşynda dört türgen bäsleşdi. Medine bolsa üç altyn medala eýe çykdy. Ol silterläp (85 kg), itekläp (104 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça (189 kg) iň gowy netijeleri görkezdi. Dokuz türgeniň gatnaşmagynda geçen ýaşlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Medine şol görkezijileri bilen itekläp götermekde bäşinji, ştangany silterläp galdyrmakda we iki görnüşiň jemi boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medallaryny gazandy.

Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew ýetginjekleriň arasyndaky (17 ýaşa çenli) Aziýa çempionatynda diýseň ajaýyp çykyşy bilen hemmeleriň üns merkezinden orun tapdy. Ol alty türgeniň bäsleşen 89 kilogram agramdaky ýaryşynda alty synanyşygynyň bäşisini şowly jemledi we altyn medallaryň üçüsini hem eýeledi. Silterläp (135 kg), itekläp (165 kg), iki görnüşiň jemi (300 kg) boýunça iň gowy netijeleri görkezmegi onuň ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony bolmagyna getirdi.

Gülälek Kakamyradowa ýurdumyzyň baýrak gaznasyna Daşkentde geçen Aziýanyň birinjiliginiň iki bürünç medalyny getirdi. 17 ýaşa çenli bolan gyzlaryň 59 kg agram derejesindäki ýaryşyna bäş türgen gatnaşdy. Ol ştangany silterläp götermekde (77 kg) dördünji orna düşdi. Itekläp galdyrmakda (93 kg) hem-de iki görnüşiň jemi boýunça bolsa (170 kg) üçünji orunlary eýeledi.

Itekläp götermekde (125 kg) kiçi bürünç medallaryň birini hem Perhat Bagtyýarow eýeledi. «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy bu üstünlige 9 ýurtdan 11 türgeniň gatnaşmagynda geçen ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) 55 kg agram derejesindäki ýaryşynda ýetdi.

8-nji oktýabrda 16 ýaşyny dolduran Perhat alty synanyşykdan bäşisini netijeli tamamlady we silterläp galdyrmakda (102 kg) hem-de iki görnüşiň jemi (227 kg) boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň rekordyny täzeledi.

P.Bagtyýarow jemleýji synanyşygynda iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medal getirip biljek 127 kg agyrlygy boýun egdirmäge çalyşdy. Bu synanyşyk başa barmady. Şeýlelikde, Boris Gulamowyň şägirdi bürünç medala eýe bolan gazagystanly Ýerassyl Umarowdan bary-ýogy 1 kg az bolan netije bilen bäşinji orny eýeledi.

Perhadyň şol görkezijisi sekiz türgeniň gatnaşmagynda geçen ýaşlaryň  ýaryşynda altynjy orna düşdi.

Ýene iki ildeşimiziň — Gaýgysyz Töräýewiň hem-de Bektimur Reýimowyň ýaşlaryň ýaryşyndaky görkezijileri dördünji we altynjy netijeler hökmünde bellige alyndy. Töräýew jemi 306 kg (135+171) galdyrsa, Reýimow 296 kg (134+162) agyrlygy götermegi başardy.

Halkara hyzmatdaşlar