Beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň maslahatyna gatnaşar
08 Iýun, 2022

11-12-nji iýun aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň (WADA) halkara maslahaty (simpoziumy) geçiriler.

Bu halkara maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Milli wekiliýete Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi hem-de Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada Milli agentliginiň başlygy agzalyk eder.

Bu sessiýada Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň alyp baran işlerine syn berilmegine hem-de öňde goýan maksatlarynyň ähmiýetine seredilmegine garaşylýar. Maslahatda arassa sporty gazanmak ugrunda ähmiýetli meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Halkara hyzmatdaşlar