Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen dabaraly açylyşyndan soň V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň iň gyzykly ýaryşlary dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy. Iri sport baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlykly gelen türkmen wekiliýetiniň uly toparynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda 42 müň tomaşaçyny jemlän stadionda guralan dabarada peýda bolýan pursatlary has-da täsirli boldy. Dabaraly ýagdaýda stadiondan geçýän türkmen türgenleriniň başyny çekmek birnäçe iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi başaran agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýewe ynanyldy.
«Büýükşehir» stadionyna ýygnanan tomaşaçylardyr sport muşdaklary türkmenistanly türgenleri gyzgyn garşyladylar. Oýunlaryň dabaraly açylyşy ýaryşa gatnaşýan 54 döwletiň wekiliýetleriniň öz baýdaklarynyň astyndaky ýörişleri bilen jemlendi.
Halkara hyzmatdaşlar