Soňky habarlar
Türkmen pälwanlary guşakly göreş boýunça dünýäniň çempionlygy ugrunda göreşerler
31 Awgust, 2022

Türkmen pälwanlary Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Dünýä çempionaty 8 — 11-nji sentýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde geçer. Ýaryşda çykyş etjek türkmen toparyna ussat pälwanlaryň birnäçesi wekilçilik edýär.

Çempionat guşakly göreşiň erkin we nusgawy görnüşleri boýunça ýaryşlary hem-de bilbogly atly özbek milli göreşinden bäsleşikleri özünde jemlär. Guşakly göreşiň erkin hem-de nusgawy görnüşlerinden geçiriljek ýaryşlarda erkekler hem-de gyzlar ýygyndylarymyzyň agzalary göreşse, özbek göreşi boýunça bäsleşige diňe oglanlar toparymyz çykar.

Milli ýygyndy toparymyza Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Şatlyk Myradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary Şöhrat Mämmedow hem-de Nuraly Lollykow tälimçilik edýär. Elbetde, çempionatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan pälwanlaryň uly topary çykyş eder. Galyberse-de, ýaryşa gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem bar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen ýygyndysy nobatdaky dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda ýygyndy toparymyz Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Ýaşlyk» sagaldyş-dynç alyş merkezinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Munuň özi türkmen pälwanlarynyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyryna öwrüler.

Halkara hyzmatdaşlar