Soňky habarlar
Surajbek Sapaýew — ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy
25 Iýul, 2022
agyr-atletika

Özbegistanyň paýtagtynda geçýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda silterläp, itekläp we iki görnüşiň jemi boýunça gazanan üç medaly bilen türkmenistanly türgen Surajbek Sapaýew Aziýanyň wise-çempiony boldy.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy bu üstünligi 96 kilogram agramda bäş türgeniň gatnaşmagynda geçen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda gazandy.

Surajbek geçiren alty synanyşygynyň üçüsinde ştangany galdyrmagyň hötdesinden geldi. Görkezen netijeleri onuň silterläp bürünç (135 kg), itekläp kümüş (159 kg), umumy netijesi boýunça bolsa kümüş (294 kg) medallary eýelemegi üçin ýeterlik boldy.

Netijede, biziň türgenimiz öňdäki üçlügi jemlän agyr atletikaçydan — Amirhosseýn Sebahdan (Eýran) 4 kilogram artyk götermegi başardy. Onuň netijesi Aziýanyň çempiony bolan Abrorbek Marufbekowyňkydan (Özbegistan) bolsa 5 kg azlyk etdi.

17 ýaşyndaky birinji sport derejesiniň eýesi Surajbek Sapaýewiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mömin Rejepowyň elinde agyr atletika boýunça tälim alandygy, Aşgabat şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda bolsa ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda kämilleşendigi aýdylýar.

Ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (21 ýaşa çenli) arasyndaky Aziýa çempionaty Daşkendiň «Ýunusabat» sport toplumynda geçýär.

Halkara hyzmatdaşlar