Soňky habarlar
Saparly Muhyýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda altyn medala eýe boldy
22 Iýul, 2022
agyr-atletika

22-nji iýulda Saparly Muhyýew agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda altyn medala eýe boldy. Türkmenistanly ýaş türgen 96 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi.

Ýaryşda ýaş türkmen türgeni Saparly Muhyýew silterläp götermekde 135 kilogram, itekläp götermekde bolsa 168 kilogram agramy götermegi başardy.

Saparly Muhyýewiň bu görkezen netijesi Meksikanyň Leon şäherinde geçirilen dünýä çempionatyndaky netijesinden hem ýokarydyr.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän bu gezekki Aziýa çempionatynda türgeniň görkezen netijesi ähli babatda ýokary boldy.

Türkmen türgenine silterläp götermekde-de, itekläp götermekde-de, umumy hasapda hem bäsdeş tapylmady. Şeýlelikde, Saparly Muhyýew 3 sany altyn medal bilen Watanymyza dolanyp geler.

Türkmen türgenleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda gazanýan medallary bilen ýurdumyzyň baýrak gaznasyny baýlaşdyrýarlar.


 

Halkara hyzmatdaşlar