Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedowyň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň çäginde Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidentiniň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Korsik bilen duşuşygy geçirildi.
Şu gün — 11-nji iýunda Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän baş edarasynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedowyň HOK-yň Olimpiýa raýdaşlygy departamentiniň başlygynyň orunbasary Edward Kensington, Milli Olimpiýa Komitetleri bilen hyzmatdaşlyk departamentiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.
11-12-nji iýun aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň (WADA) halkara maslahaty (simpoziumy) geçiriler.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 40-njy Baş Assambleýasy 2021-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler.
Dünýä ýurtlarynyň ählisinde bellenilişi ýaly 3 -nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçiler
Halkara hyzmatdaşlar