Soňky habarlar
Medine Amanowa — agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony
22 Iýul, 2022
agyr-atletika

Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ýetginjekleriň ýaryşynda iň gowy netijeleri görkezdi.

Silterläp götermekde 85 kg, ştangany itekläp galdyrmakda 104 kg, umumy netijesi boýunça 189 kg agyrlyklary boýun egdiren türkmen türgeni altyn medallaryň üçüsini eýeledi.

Medinäniň bu görkezijileri oňa ýaşlaryň ýaryşynyň hem bürünç medallaryny getirdi. Ol ýaşlaryň bäsleşiginiň silterläp götermek ýaryşynda hem-de umumy netijesi boýunça bürünç medallara mynasyp boldy. Medinäni Aziýa çempionatyna taýýarlamakda onuň kakasy hem-de tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň orny uludyr.

Daşkent şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň nobatdaky ýaryşlarynda hem türkmenistanly agyr atletikaçylaryň ýeňişli ýoly mynasyp dowam etdirmeklerine garaşylýar.


 

Halkara hyzmatdaşlar