V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda gazanylýan üstünlikler kikboksing boýunça türkmen mekdebiniň häzirki derejesini görkezdi. 17-nji awgustda ildeşlerimiz sportuň bu görnüşinden medallaryň üçüsine eýe boldular.
Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow 81 kg agram derejesinde ringde duşuşan garşydaşlarynyň ählisini — azerbaýjanly, türkiýeli, gazagystanly, ýemenli, özbegistanly, kamerunly hem-de alžirli türgenleri ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, türkmen türgeni V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň altyn medalyna mynasyp boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Atajan Atamyradow bolsa 54 kg agram derejesinde uly üstünlige ýetdi. Ildeşimiz Azerbaýjandan, Özbegistandan, Alžir Halk Demokratik Respublikasyndan, Marokkodan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalaryndan bolan ussat kikboksçylaryň ençemesini jemlän bäsleşigiň kümüş medalyny gazandy.
Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň boks boýunça tälimçi-mugallymy Hajymyrat Geldimämmedow 86 kg agram derejesinde ringe çykdy. Azerbaýjan, özbek we türk türgenleri bilen bäsleşen Hajymyrat türkmen ýygyndysyna nobatdaky bürünç medaly getirdi.
Halkara hyzmatdaşlar