Soňky habarlar
Hojamuhammet Toýçyýew V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň bürünç medalyna mynasyp boldy
16 Awgust, 2022
agyr-atletika

Konýada geçýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndan gelip gowşan hoş habarlaryň biri-de iň agyr agramda çykyş edýän zehinli agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýewiň ady bilen bagly.

Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew +109 kg agram derejesindäki ýaryşda çykyş etdi. Bu agramdaky ýaryş Saud Arabystany Patyşalygyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Pakistan hem-de Eýran Yslam Respublikalaryndan bolan güýçli türgenleriň birnäçesini bir ýere jemledi.

Silterläp götermekde 184 kg netije görkezen Hojamuhammet şu görnüşden kiçi kümüş medala eýe boldy. Itekläp götermekdäki 225 kg netijesi bolsa ildeşimize ýaryşyň kiçi bürünç medalyny getirdi. Türkmen türgeniniň umumy netijesi 409 kilograma deň boldy. Bu netije Hojamuhammediň iki görnüşiň jemi boýunça hem bürünç medal gazanandygyny aýan etdi. Şeýlelikde, erjel agyr atletikaçy eýelän üç medaly bilen Türkmenistanyň V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň medal sanawyndaky ornuny pugtalandyrmaga goşandyny goşdy.

Halkara hyzmatdaşlar