Beýleki habarlar
Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi
11 Iýun, 2022

Şu gün — 11-nji iýunda Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän baş edarasynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedowyň HOK-yň Olimpiýa raýdaşlygy departamentiniň başlygynyň orunbasary Edward Kensington, Milli Olimpiýa Komitetleri bilen hyzmatdaşlyk departamentiniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň türgenlerini halkara derejede taýýarlamagy kämilleşdirmegiň maksatnamasy hakynda pikir alşyldy.

Halkara hyzmatdaşlar