Soňky habarlar
Gülälek Kakamyradowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy
21 Iýul, 2022
agyr-atletika

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyndan hoş habar gelip gowuşdy.

59 kilogram agram derejesindäki ýetginjek gyzlaryň ýaryşyna gatnaşýan ildeşimiz Gülälek Kakamyradowa uly üstünlik gazandy.Gülälek ştangany birden galdyrmakda 77 kilogram netije görkezdi. Bu görkeziji onuň şu görnüşden dördünji orna düşmegine getirdi. Itekläp 93 kilogram agyrlygy galdyran zehinli ýetginjek üçünji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, ştangany itekläp boýun egdirmekde kiçi bürünç medal gazanan türkmen gyzy umumy netijesi boýunça hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Aziýa çempionatynyň ilkinji günlerinde ýetginjek oglanlaryň arasynda 55 kilogramda çykyş eden ildeşimiz Perhat Bagtyýarowyň hem itekläp 125 kg agramy götermegiň hötdesinden gelip, kiçi bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Ol 227 kilogramlyk umumy netijesi bilen bäşinji orna eýe boldy.


 

Halkara hyzmatdaşlar