Soňky habarlar
Dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty: türkmen ýygyndysy medal sanawynyň başynda
05 Sentýabr, 2022
dzyudo

Türkmen türgenleri Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçýän dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde iki altyn medala eýe boldular.

60 kilogram agram derejesindäki ýaryşyň finalynda fransiýaly türgeni ýeňlişe sezewar eden Hakberdi Jumaýew türkmen ýygyndysynyň ilkinji altyn medalyny boýnuna deňedi. Hekim Agamämmedow bolsa 66 kilogram derejesinde altyn medala ýetdi. Ol aýgytlaýjy duşuşykda gazagystanly türgeni ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Gazanylan iki altyn medal Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ýaryşyň birinji gününiň jemi boýunça medal sanawynyň başyna geçmegine getirdi. Şondan soňky orunlary bolsa her biri 1 altyn we 1 bürünç medaldan gazanan Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Kubanyň ýygyndy toparlary eýeleýärler. Elbetde, şu günki netijeler bu görkezijä täsirini ýetirip biler.

Ýaryşa 38 ýurtdan 311 türgen gatnaşýar.

Halkara hyzmatdaşlar