Soňky habarlar
Dawranbek Hasanbaýew V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda kiçi bürünç medal gazandy
15 Awgust, 2022
agyr-atletika

Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda netijeli çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Dawranbek Hasanbaýew erkekleriň  96 kg agram derejesindäki ýaryşynda kiçi kümüş medal gazandy. Şu agramdaky ýaryşda ildeşimizden başga-da, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystan Respublikasyndan hem-de Sudandan bolan türgenler ýiti göreş alyp bardylar.

Silterläp götermekde 165 kg netije görkezen ildeşimiz bu görnüşden kümüş medala eýe boldy. Ol itekläp götermekde 183 kg agramy galdyrmak bilen, bäşinji orna düşdi.

Dawranbekiň umumy görkezijisi 348 kg barabar bolup, bu onuň ýaryşyň uly medalyny gazanmagy üçin ýeterlik bolmady. Ildeşimiz umumy netijesi boýunça dördünji orny eýeledi.

Halkara hyzmatdaşlar