Soňky habarlar
Aziýanyň Kubogy — 2023: Türkmenistanly ýaşlar (U20) saýlama tapgyrdaky ilkinji garşydaşyny uly hasap bilen ýeňdiler
12 Sentýabr, 2022
futbol

Ýaşy 20-ä çenli bolan ýaşlardan düzülen türkmenistanly futbolçylaryň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny ýeňiş bilen başlady. Demirgazyk Marian adalarynyň garşysyna geçirilen oýun Amman şäheriniň «Petra» stadionynda guraldy. Türkmenistanly ýaşlardan  Daýanç Meredow (17, 19), Süleýman Mirzoýew (31, 90), Arslan Saparow (45+1) hem-de Söhbet Durdyýew (77, 82) dagy tapawutlandy. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy bu garşydaşyny 7:0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Ildeşlerimiziň nobatdaky oýny ertir — 12-nji sentýabrda geçirilip, onda türkmenistanly ýaşlar Iordaniýanyň ýygyndysynyň garşysyna çykar.

Türkmen ýygyndysynyň saýlama tapgyrda çykyş edýän «D» toparçasynda Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bar.

Tapgyrda 10 toparça bolup, şolaryň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelän ýygyndylaryň bäşisi geljek ýylyň martynda Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň Kubogyna (U20) gatnaşar.

Halkara hyzmatdaşlar