Soňky habarlar
Azatjan Açilow grek-rim göreşi boýunça bürünç medala mynasyp boldy
13 Awgust, 2022
grek-rim-goresi

Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlaryndaky nobatdaky medalyny gazandylar. Bu netije sport göreşiniň grek-rim görnüşi boýunça guralan bäsleşiklere degişlidir.

Grek-rim göreşi boýunça 63 kilogram agram derejesindäki ýaryşda yzygiderli gazanan ýeňişleriniň netijesinde üçünji orun üçin guraljak duşuşyga çykmaga hukuk gazanan Azatjan Açilow bu mümkinçilikden netijeli peýdalandy. Ol oýunlaryň bürünç medalyny eýelemegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, Azatjan grek-rim göreşinden sport ussadydyr. Göreşiň şu görnüşinden ýaryşa gatnaşýan milli ýygyndy toparymyza belli hünärmen Nepes Gukulow tälim berýär.

Oýunlara grek-rim göreşi boýunça gatnaşýan ýygyndymyza 6 türgeniň wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Bu ýygyndyda nobatdaky medalçy Azatjan Açilowdan başga-da, Umit Durdyýew, Begmyrat Nobatow, Toýly Orazow, Şyhazberdi Öwelekow, Aýbegşazada Kürräýew ýaly ussat pälwanlar bar.

Halkara hyzmatdaşlar